2024-nji ýylda Huawei kompýuterler üçin operasion ulgamyny tanyşdyrar

  • 06.09.2023 22:15
  • 4.5k+

Hytaýyň IT ägirdi «Huawei» 2024-nji ýylda şahsy kompýuterler (PK) üçin «HarmonyOS» operasion ulgamynyň doly görnüşini hödürlemegi meýilleşdirýär. Bu barada «IT-Home» neşiri «Huawei» kompaniýasynyň programma üpjünçiligini işläp düzmek bölüminiň öňki başlygy Wan Çenlunyň «Weibo» sosial ulgamynda aýdanlaryna salgylanyp habar berýär.

«Kommersant» neşiri bolsa täze operasion ulgamyň «Huawei» we beýleki öndürijileriň noutbuklary bilen bilelikde ýerlenilip bilinjekdigini belleýär. Neşiriň habaryna görä, Hytaýyň IT ägirdi ozal «HarmonyOS-y» «Qingyun» kärhanasynyň noutbuklarynda ýerleşdiripdi, ýöne şol wagt operasion ulgamyň köne nusgasy ulanyldy. Indi «Huawei-iň» kompýuterler üçin has täze nusgasy bolan «HarmonyOS 4-iň» üstünde işleýändigi bellenilýär.
«Huawei» operasion ulgamyny 2019-njy ýylda tanyşdyrypdy. Eýýäm 2020-nji ýylda kompaniýa bu operasion ulgamynyň kompýuterler üçin niýetlenen görnüşini döretmek meýilnamasy boýunça ilkinji bildirişlerini berip başlady.


15.02.2026 09:14
3.1k+

26-njy fewralda Madridde Huawei Mate 80 Pro-nyň dünýä tanyşdyrylyşy geçiriler

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi bolan Huawei täze "Mate 80 Pro" seriýasynyň halkara bazaryndaky tanyşdyrylyşynyň 2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda boljakdygyny tassyklady. Resmi çäre Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçiriler...

16.01.2026 08:10
3.9k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

31.12.2025 08:10
3.6k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.4k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...