Amazon tokaýlary El Ninýo hadysasy sebäpli uglerod saklamagyny bes etdiler

  • 06.09.2023 12:28
  • 13k+

Halkara klimatologlar topary gözleg geçirip, soňky ýyllarda El-Ninýo klimat hadysasynyň güýçlenmeginiň 2015-2016-njy ýyllarda Amazon tokaýlarynyň güýçli guraklyk sebäpli uglerod saklamagy bes etmegine sebäp boldy diýen netijä geldi. Alymlaryň işi Nature Climate Change žurnalynda çap edildi.

El Ninýo Ýuwaş ummanyň ekwator böleginiň adatdakysyndan 3° C-e çenli ýylamagyna sebäp bolýan howa hadysasydyr. El Ninýodan başga-da, ummanda, tersine, temperaturanyň peselmegi bilen bagly proses hem bar, oňa  La Ninýa diýilýär. Her iki-ýedi ýyldan olar biri-birini çalyşýarlar we howa-da ep-esli täsirini ýetirýärler - guraklyk, suw joşmalary ýa-da hasylsyzlyk ýaly dürli tebigy betbagtçylyklara sebäp bolup bilýärler.
Alymlar Amazon tokaýlarynyň ýagdaýyna gözegçilik etmekde 30 ýyldan gowrak wagt bäri toplanan maglumatlary seljerenlerinde şuňa meňzeş bir zady tapdylar. 2015-2016-njy ýyllarda El Ninýo işjeň döwürde bolup, 0,5° C-den gowrak öwrenilen 123 tokaý sebitiniň 119-synda temperaturanyň ýokarlanmagyna sebäp boldy. Şeýle hem 99 tokaý sebitinde guraklyk boldy.
Netijede awtorlar ýakyn onýyllyklarda El-Ninýonyň Günorta Amerikanyň howasyna edýän täsiriniň diňe artjakdygyny bellediler.


18.06.2026 09:51
2.9k+

ÝUNISEF: Bir milliarddan gowrak çaga howa şertleriniň howpuny başdan geçirýär

Tutuş dünýäde bir milliarddan gowrak çaga birbada yssy howanyň, guraklygyň, suw joşgunlarynyň, tupanlaryň we tokaý ýangynlarynyň netijelerine duçar bolýar. Bu barada  ÝUNISEF-iň beýannamasyna salgylanýan The......

17.06.2026 11:21
3.9k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

15.06.2026 12:26
936

Türkmenistanyň wekiliýeti Bonndaky klimat maslahatyna gatnaşýar

Daşary gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň kömekçi düzümleriniň 64-nji mejlisine (UNFCCC SB64)......

09.06.2026 15:05
10k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......