461 mln dollar: Beýonse Madonnadan öňe geçdi

  • 06.09.2023 12:19
  • 20k+

Beýonseniň Renaissance World konsert syýahaty taryhda iň girdejili zenan syýahaty boldy. Bu barada Hypebeast neşirine salgylanyp, esquire.kz habar berýär. Häzirki güne çenli aýdymçynyň bu konsert syýahatyndan gazanan girdejisi 461 mln dollara barabar. Beýonse heniz Renaissance programmasy bilen Inglwudda, Wankuwerde, Sietlde, Dallasda, Hýustonda, Täze Orleanda we Kanzas-Sitide hem çykyş etmeli.

Öň, iň köp girdeji getiren zenan syýahaty Madonnanyň Sticky & Sweet Tour syýahatydy. Madonna bu syýahatdan 411 mln dollar gazandy. Konsert syýahaty 2008-nji ýylyň awgust aýynda başlap, 2009-njy ýylyň sentýabr aýynda tamamlandy.
Danske Bank bankynyň analitikleriniň pikiriçe, Beýonseniň syýahaty Şwesiýada inflýasiýanyň ýokarlanmagyna sebäp boldy, ol maý aýynda ýyllyk aňlatmasynda 8,2% boldy. Şol bir wagtyň özünde, Şwesiýanyň Merkezi banky 8,1%, Bloomberg tarapyndan sorag edilen hünärmenler bolsa 7,8% görkezijini çaklapdylar.
Konsert syýahatynyň çäklerinde aýdymçy Stokgolmdaky Friends Arena stadionynda iki gezek çykyş etdi. Her konsert 80 müňden gowrak tomaşaçy ýygnady, olaryň arasynda daşary ýurtlular hem köpdi. Şu sebäpli petekleriň, myhmanhanalaryň we restoranlarda iýmitleriň bahalary hem ýokarlandy.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....