iPhone 15-iň USB-C geçmeginiň amatly we amatsyz taraplary aýdyldy

  • 05.09.2023 22:07
  • 17k+

Apple iPhone-ny Lightning-den USB-C-ä geçirmekçi bolýar, Bloomberg-den Mark Gurman bu täzeligi kompaniýanyň nädip mahabatlandyrjakdygyny gürrüň berdi.

Ýewropa Bileleşiginiň ykjam enjam öndürijilerinden geljek ýylyň ahyryna çenli USB-C standartyny ulanmagy talap edendigini ýatladýarys. Apple indiki ýylyň aýagyna çenli garaşyp oturmazlygy karar etdi we iPhone 15-iň ähli dört modeline hem-de täze AirPods Pro-lar üçin daşlyga USB-C goşdy. “Apple muny müşderiler üçin uly ýeňiş diýip atlandyrar. Bu üýtgeşmeleriň birgiden peýdalary hakda eşitmäge taýyn boluň "- diýip, Mark Gurman ýazýar. 

Apple USB-C-e geçişini niçik mahabatlandyrar: 

  1. Müşderiler iPhone, Mac we iPad üçin bir zarýad kabelini ulanyp bilerler.
  2. Bu täze, ýokary derejeli iPhone modelleri üçin maglumat geçiriş tizliginiň öwrülişikli ýokarlanmagyna getirer.
  3. Käbir ýagdaýlarda telefonlar has çalt zarýad alarlar.
  4. Netijede, telefonlar üçünji tarapyň milliardlarça enjamlarynda ulanylýan zarýad berijiler bilen gabat geler.

Mark Gurman bu üýtgeşmeleriň Apple üçin amatsyzlyklarynyň hem bardygyny aýtdy: 

  1. Apple Lightning ulanýan aksesuar öndürijilerinden ygtyýarnama girdejileriniň bir bölegini ýitirmek howpuna sezewar bolar.
  2. Munuň üçin inženerçilik çeşmeleriniň we puluň bölnüp berilmegi zerur.
  3. Android ekoulgamy bilen utgaşyklygyň ýokarlanmagy müşderilere Apple-den aňsat daşlaşdyryp biler.
  4. Elmydama ulanyjylary hopukdyrmak howpy bar. Apple 2012-nji ýylda Lightning-e geçende, bu ulanyjylaryň maňzyna batmady. Şeýle hem kompaniýa 2016-njy ýylda gulaklyklar üçin deşigi aýranda hem gahar-gazap döredi.

iPhone 15 -iň tanyşdyrylyş dabarasy 12-nji sentýabrda bolar diýip garaşylýar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...