Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisi açylar

  • 05.09.2023 16:41
  • 4.1k+

Sişenbe güni Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň (BA) 78-nji mejlisi açylar. Adatça, bir ýyl dowam etjek mejlisiň gün tertibinde esasy halkara meseleleri we gapma-garşylyklar, howanyň üýtgemegi, durnukly ösüş we ösüp gelýän ýurtlaryň karz meselesini ýeňip geçmek ýaly meseleler bar.

Baş Assambleýanyň esasy wakasy 19-25-nji sentýabr aralygynda geçiriljek ýokary derejeli hepdelik bolar. Oňa dünýäniň dürli künjeklerinden ýurt Baştutanlary we daşary işler ministrleri gelip, özleriniň halkara ýagdaýyna bolan garaýyşlaryny mälim ederler we ählumumy kynçylyklara garşy göreşiň ugurlaryny teklip ederler.
Sişenbe güni ýerli wagt bilen sagat 10:00-da (Aşgabat wagty bilen sagat 19:00) Baş Assambleýanyň 77-nji mejlisiniň ýapylyş ýygnagy bolar. Onda BMG-niň BA-nyň mejlisiniň gidýän başlygy, Wengriýa wekilçilik edýän Çaba Köröşi özüniň bir ýyllyk işini jemlär. Soňra başlyklygy Trinidad we Tobago respublikasynyň wekili Dennis Frensise tabşyrar.
Sagat 15:00-da (Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da) BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň tehniki häsiýete eýe bolan ilkinji ýygnagy geçer. Frensis başlyklygyny nähili alyp barjakdygyny, işiniň maksatlaryny we usullaryny mälim eder.


19.06.2026 19:47
1.1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 18:04
5.7k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....