Alkaras – yzygider dört gezek dörtden bir finala ýeten ikinji iň ýaş oýunçy

  • 05.09.2023 15:21
  • 3.3k+

Ispaniýaly tennisçi we dünýäniň birinji raketkasy Karlos Alkaras italiýaly Matteo Arnaldi bilen duşuşykda gazanan ýeňşiniň netijesinde ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň dörtden bir finalyna çykdy. Şeýlelik bilen, ol taryhda “Uly tuwulga” ýaryşlarynda yzygiderli dört dörtden bir finala çykmagy başaran ikinji iň ýaş tennisçi boldy. Bu barada championat.com habar berýär.

Onuň bu ýeňişli tapgyry geçen ýyl geçirilen US Open-den, ýagny Alkarasyň karýerasynda ilkinji “Uly tuwulga” titulyna eýe bolmagy bilen başlady. Soňra Karlos şikes sebäpli Awstraliýanyň Açyk çempionatyny sypdyrdy, “Rolan Garrosda” bolsa ýarym finala ýetip, Nowak Jokowiçden utuldy. Soň “Wimbledon” ýaryşynda Alkaras ýeňiji boldy.
20 ýaşly tennisçi diňe 1970-nji ýyllaryň ortalarynda 19 ýaşynda şeýle üstünlige ýeten Býorn Borgdan uludy.


18.06.2026 10:24
1.1k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......