Iň hapa howaly ýurtlaryň haýsylardygy aýdyldy

  • 04.09.2023 15:32
  • 44k+

Çikago uniwersitetiniň Energetika syýasaty institutynyň (EPIC) gözlegçileri iň hapa howaly ýurtlaryň sanawyny çap etdi. Aziýa we Afrika ýurtlary anti-reýtingde öňde bolmaklaryny dowam etdirýärler.

Howanyň hiliniň ýyllyk görkezijisinden (AQLI) çen alsaň, Bangladeşde, Hindistanda, Pakistanda, Hytaýda, Nigeriýada we Indoneziýada ýaşaýan adamlaryň janynyň we saglygynyň howp astyndadygy görünýär.
Hünärmenler, atmosferadaky PM 2,5 toz bölejikleriniň konsentrasiýasyna baha bermek bilen, şeýle netijä geldiler.
Gözlegçileriň bellemegine görä, Günorta Aziýada PM2,5-iň derejesi 2013-nji ýyldan bäri, takmynan, 10% ýokarlanypdyr – şunuň bilen bagly sebitde adam ömrüniň ortaça uzaklygy, takmynan, bäş ýyl kemeldi.
Merkezi we Günbatar Afrikada energiýanyň sarp edilişiniň artmagy bilen, howanyň gaty bölejikler bilen hapalanmasy, AIW/AIDS ýa-da gyzzyrma kimin, adamlar üçin çynlakaý howpa öwrüldi diýip, bilermenler belleýärler.


07.06.2026 10:07
3.5k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 20:16
3k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

21.05.2026 22:52
8.4k+

Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady....

20.05.2026 12:56
2.7k+

Özbegistan 2027-nji ýylyň türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip atlandyrylmagyny teklip etdi

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoew 2027-nji ýyly türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip yglan etmegi teklip etdi. Bu başlangyç Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlaryň Türküstan......