Apple iPad-iň ýadyny 4TB-e çenli giňelder

  • 04.09.2023 15:10
  • 3.9k+

Apple kompaniýasy täze iPad Pro planşetlerini OLED displeýleri we rekord mukdarda içki ýat bilen üpjün eder. Bu barada WCCFTech portaly Revegnus insaýderine salgylanyp habar berýär.

“Çeşmeler indiki ýyl OLED iPad Pro-nyň 4TB görnüşine eýe boljakdygyny aýdýar. Şeýle gaty uly ýat, hakykatdan hem, gerekmikä? – diýip, insaýder özüniň X-däki (öňki Twitter) sahypasynda ýazdy.

Bellenilmegine görä, iPad Pro-nyň indiki nesli OLED ekranlaryny we täze 3 nanometrli Apple M3-iň çiplerini alar, bu hem kompaniýanyň kompýuterlerinde ulanylar. Şeýle-de bolsa, köp ulanyjy, kompýuterler üçin dolybahaly macOS operasiýa ulgamy bilen deňeşdirilende, iPadOS -yň çäkli mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, planşetde şeýle güýçli “demriň” ulanylmagyna sebäp görmeýär.
Şeýle-de bolsa, 2023-nji ýylda Final Cut Pro wideo redaktory we Logic Pro aýdym-saz redaktory stasionar kompýuter wersiýalaryndan kän bir tapawutlanmaýan iPad üçin çykaryldy. Agyr, ýokary durulykdaky kadrlary talap edýän professional taslamalary kebşirlemek üçin iPad -iň içindäki ammaryň giňeldilmegi käbir ulanyjylar üçin oňat üýtgeşme bolup biler. Şeýle hem, kompaniýanyň häzirki wagtda diňe kompýuterde bar bolan planşetleri üçin dolybahaly programmalary goýbermegini dowam etdirmegi mümkindir.


düýn 16:33
2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...