Hytaýyň «Tecno» arzan eplenýän smartfonunyň häsiýetnamasy we çykjak senesi mälim edildi

  • 04.09.2023 15:00
  • 11k+

Orta arzanlykdaky «Tecno Phantom V Flip» eplenýän smartfon 2023-nji ýylyň dördünji çärýeginde çykar. Bu barada Gizmochina portaly habar berýär.

Çeşme «Tecno» eplenýän smartfonuň täze karbon reňkindäki suratyny paýlaşdy we «Phantom V Flip-iň» güýzüň ortasynda ýa-da ahyrynda çykjakdygyny mälim etdi.
Bellenilmegine görä, «Tecno Phantom V Flip» eplenýän smartfonunda taraplary 20,5:9 gatnaşykda bolan we 144 Gs täzeleniş tizligi bilen 6,5 dýuýmlyk Full HD+ durulykdaky AMOLED ekrany ýerleşdiriler. Yzky gapakda ýerleşýän daşarky tegelek displeý 466x466 piksel durulykda bolar we enjamyň gyrasyna barmak yzy skaneri ýerleşdiriler.
Täze önümiň netijeliligine «MediaTek Dimensity 8050» subflagman çipi, 8 GB operatiw ýat we 256 GB goşmaça ýat jogap berer. Smartfon 64 MP esasy datçik we 13 MP ultra giň burçly sensor bilen goşa kamera bilen üpjün ediler. Selfi kamerasy 32 megapiksel durulykdaky datçik bilen hödürlener. «Tecno Phantom V Flip» 66 Wt çalt zarýad bermegi goldaýan 4000 mAs sygymly akkumulýator we «HiOS 13» belgili Android 13 ulgamy bilen üpjün ediler.
Käbir çeşmeler bu täze önümiň eplenýän smartfonlaryň iň arzan wekilleriniň birine öwrülip biljekdigini belleýärler.


düýn 14:01
5.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
9.2k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....

04.06.2026 18:42
5.5k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

28.05.2026 21:19
4.2k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......