Hytaýda dünýäniň iň ýyndam ulaglarynyň biri tanyşdyryldy

  • 03.09.2023 21:18
  • 27k+

Hytaýda «Zeekr 001» liftbeginiň «FR» belgili sport görnüşi tanyşdyryldy. Bu barada carnewschina.com habar berýär.

Täze nusga adaty görnüşden uly trapesiýa şekilli howa germewi we gyzyl zolagy bolan başga görnüşli bamper bilen tapawutlanýar. «001 FR-niň» arka tarapynda basyş güýjüni artdyrýan uly spoýler ýerleşdirilipdir.
Awtoulag dört sany elektrik hereketlendirijisinden (her tigir üçin biri) ybarat elektrik güýç ulgamy bilen üpjün edildi. Olaryň umumy kuwwaty 1247 at güýjüne deňdir. Ulagyň iň ýokary tizligi sagatda 280 km-dir. «Zeekr 001 FR» 0-dan 100 km/sag tizlige 2,07 sekuntda ýetýär, bu bolsa ony dünýäniň iň ýyndam awtoulaglarynyň birine öwürýär. Bu babatda onuň iň ýakyn bäsdeşi «Tesla Model S Plaid» ulagynyň görkezijisi 2,1 sekuntdyr.
Awtoulagyň zarýady 10%-den 80%-e 15 minutda çykýar.


şu gün 09:36
793

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......