Ronaldu karýerasynda geçiren gollarynyň sanyny 850-den geçirdi

  • 03.09.2023 20:44
  • 18k+

Saud Arabystanynyň Futbol çempionatynyň bäşinji tapgyrynyň myhman oýnunda “Al-Nasr” 5:1 hasabynda “Al-Hazmy” ýeňdi.

Portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldu ýeňijileriň düzüminde bir pökgi geçirdi. Hüjümçi üçin bu gol resmi oýunlardaky karýerasyndaky 850-nji boldy. Ronaldu bu görkeziji boýunça rekord eýesidir. Ikinji ýeri Amerikanyň “Inter Maýami”-sinde oýnaýan argentinaly hüjümçi Lionel Messi (818) eýeleýär.
Ronaldu 38 ýaşynda, “Altyn top”-yň bäş gezek ýeňijisi, Çempionlar ligasynyň bäş gezek ýeňijisi, Ýewropanyň çempiony, Milletler ligasynyň ýeňijisi. Portugaliýaly oýunçy milli ýygyndylaryň, Ýewropa çempionatlarynyň, Çempionlar ligasynyň, klublar arasy dünýä çempionatlarynyň taryhynda iň köp pökgi geçiren oýunçydyr. Ispaniýanyň “Real Madrid”-iniň düzüminde oýunçy 450 pökgi geçirip, klubuň rekordçysy boldy. Şeýle hem, futbolçy iňlis “Mançester Ýunaýted”-iniň (145 gol), italýanlaryň “Ýuwentus”-ynyň (101), Portugaliýanyň “Sporting” (5) toparlarynyň düzüminde oýnady. Portugaliýanyň milli ýygyndysy üçin hüjümçi 123 gezek pökgi geçirdi.
Bäş tapgyryň netijelerinden soň "Al-Nasr" Saud Arabystanynyň çempionatynyň sanawynda altynjy orny eýeleýär. Topar indiki oýnuny 16-njy sentýabrda “Al Raed” bilen oýnar.


şu gün 10:53
164

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
3.9k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8.3k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......