Russiýada iň girdejili filmiň dowamynyň üstünde işlenilýär

  • 03.09.2023 20:38
  • 13k+

Aktýor Sergeý Garmaş «Çeburaşkany» döredijileriň filmiň dowamynyň üstünde işleýändiklerini belledi. Aktýoryň aýtmagyna görä, häzirki wagtda geljekki taslama üçin ssenariýany döretmek boýunça işler alnyp barylýar.

Garmaş ilkinji filmiň gowy ssenarisiniň bolmagy onuň üstünligine täsir edendigini sözüniň üstüne goşdy. «Çeburaşka» filmi 1-nji ýanwarda rus kinoteatrlarynda çykdy we ýurduň prokatynyň taryhynda iň köp girdeji gazanan film boldy. Film Russiýada we GDA ýurtlarynda 7 milliard rubl toplady.
Film Çeburaşkanyň deňziň ýakasyndaky kiçijik şäherçedäki başdan geçirmeleri barada gürrüň berýär, ol bu ýere apelsin baglary bolan uzak ýurtdan tötänlikde düşýär. Apelsini gowy görýän gülkünç haýwanjyk hakyndaky filmiň baş keşplerini Sergeý Garmaş, Ýelena Ýakowlewa, Polina Maksimowa, Fýodor Dobronrawow, Sergeý Lawygin we beýlekiler janlandyrdylar. Çeburaşka aktrisa Olga Kuzmina ses berdi.


03.06.2026 18:04
2.4k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

29.05.2026 15:22
9.7k+

Sankt-Peterburgda meýletinçiler 27 müňden gowrak gurlawugy we gurbagany ýoldan geçirdiler

Sankt-Peterburgda "Amfibiýalara ýol beriň!" kampaniýasy geçirildi, onuň dowamynda meýletinçiler möwsümleýin göçýän döwürlerinde 27 289 gurlawuga we gurbaga gatnawly awtoulag ýolundan geçmäge kömek etdiler. Bu......

28.05.2026 12:25
1.8k+

Aýwazowskiniň "Dokuzynjy gom" eseri ilkinji gezek doly restawrasiýadan geçiriler  

Iwan Aýwazowskiniň Rus muzeýiniň ýygyndysyndaky meşhur "Dokuzynjy gom" kartinasy ilkinji gezek doly restawrasiýa ediler diýip, muzeýiň metbugat gullugy habar berdi....

25.05.2026 17:12
6.7k+

Russiýaly paraalpinist Nabiýew Eweresti elleri bilen boýun egdiren dünýäde ilkinji adam boldy

Ufaly (RF) paraalpinist Rustam Nabiýew Ewereste diňe elleri bilen dyrmaşyp çykan dünýäde ilkinji adam boldy. Ol 20-nji maýda Nepal wagty bilen sagat 8:16-da çür depä ýetdi....