Apple noutbuklarynyň iki sany meşhur modelini könelişen diýip yglan etdi

  • 03.09.2023 16:26
  • 6.2k+

Apple korporasiýasy iki sany meşhur noutbugyny könelişenleriň sanawyna geçirdi. Bu barada MacRumors neşiri habar berýär.

Sanawda 2015-nji ýylda çykan 15 dýuýmlyk MacBook Pro bar. Şeýle hem 13 dýuýmlyk MacBook Pro 2017 könelen diýip bilindi. Kompaniýa enjamlary soňky gezek satuwa çykarylandan bäş ýyl soň könelişen diýip ykrar edýär.
Maglumatda Apple hyzmat merkezleriniň işgärleriniň köne enjamlara hyzmat etmekden we olary abatlamakdan ýüz öwrüp biljekdigi aýdylýar. Şeýle-de bolsa, hünärmenleriň çözgüdi ätiýaçlyk şaýlarynyň barlygyna baglydyr.
Žurnalistler 15 dýuýmlyk MacBook Pro markasynyň iň köp gözlenýän kompýuterleriň biridigini bellediler. Enjamyň 2015-nji ýylda hödürlenendigine garamazdan, Apple ony diňe 2018-nji ýylda satmagy bes etdi. Şeýle hem, awtorlar täze macOS Sonoma operasiýa ulgamynyň MacBook Pro 2018  modeline we has täze modellelere laýyk gelýändigini ýatlatdylar.


şu gün 07:06
1.9k+

Bahasy tas 30% arzanladylandan soň "şowsuz" iPhone Air Hytaýda derrew satylyp gutardy

Hytaýda iPhone Air modeliniň bahalarynyň ep-esli peselmeginden soň satuwlar düýpli üýtgedi. Meşhur JD.com internet bazarynda smartfonyň 256 GB ýatly wersiýasy eýýäm "satylyp gutardy" diýlip görkezilýär. Önümiň maglumat sahypasynda enjamyň täzeden satyn alynma (getirilme) tapgyryndadygy we eltip berme möhletleriniň fewral aýyna süýşürilendigi bellenilýär...

düýn 14:29
2.8k+

Apple garaşylmadyk ýagdaýda iPhone-nyň könelişen modelleri üçin möhüm täzelenme çykardy

Apple kompaniýasy iPhone 5s we iPhone 6 ýaly könelişen modeller, şeýle hem iOS 12 operasion ulgamynda işleýän beýleki enjamlar üçin iOS 12.5.8 täzelenmesini çykardy. Bu smartfonlaryň satuwa çykarylyp başlanyna eýýäm on ýyldan gowrak wagt geçdi...

27.01.2026 10:54
912

Apple-yň täze barlagy: Emeli aňy dolandyrmak daşyndan görnüşinden has çylşyrymly

Apple we Pompeu Fabra uniwersitetiniň bilelikdäki ylmy işi emeli aň modelleriniň (LLM) we surat döredýän generatiw ulgamlaryň dolandyrylyşynyň goýlan wezipä, modeliniň arhitekturasyna we hatda soragyň (prompt) nähili düzülendigine gaty baglydygyny görkezdi...

25.01.2026 12:26
3.6k+

iPhone Air Hytaýda satuwa çykandan bary-ýogy birnäçe aý soň 30%-e golaý arzanlady

Meşhur insaýder Ice Universe Hytaý bazarynda iPhone Air smartfonynyň kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny habar berdi. Onuň maglumatlaryna görä, smartfonyň bahasy gysga wagtyň içinde ep-esli aşak düşdi. Bu bolsa enjama bolan islegiň pesdigini we satuwy höweslendirmegiň zerurdygyny görkezýär...