Lýuis Hemilton “Mersedes” bilen täze şertnama boýunça ýylda 58 mln ýewro alar

  • 01.09.2023 17:31
  • 8.1k+

“Formula-1-iň” “Mersedes” topary sürüjileriň ikisi, britaniýaly Lýuis Hemilton we Jorj Rassel bilen şertnamalaryň uzaldylandygyny mälim etdi. Täze şertnamalar 2025-nji ýylyň ahyryna çenli niýetlenýär. Bu barada championat.com habar berýär.

Ýedi gezek dünýä çempiony Lýuis Hemiltonyň iki ýyllyk şertnamasy 100 mln funt sterling bilen bahalandyrylýar, bu 116 mln ýewro deňdir. Şeýlelik bilen, britaniýaly sürüji ýylda 58 mln ýewro alar diýip, “Mirror” belleýär. Şeýle maglumatlary “The Telegraph” we “Daily Mail” hem berýär.
Eger öňki şertnama bilen deňeşdirseň, sürüjiniň ýyllyk tölegi, takmynan, 16 mln ýewro ýokarlandy. Geçen möwsüm Hemiltonyň zähmet haky rekord derejededi, ýöne “Red Bulluň” sürüjisi Maks Werstappeniň geçen möwsümde üstünlikli çykyşlary üçin bonuslaryň netijesinde has köp gazanmagy başarandygy habar berilýär.
Lýuis Hemilton “Mersedese” 2013-möwsüminiň öňüsyrasynda goşuldy. Topar bilen bilelikde alty gezek dünýä çempiony boldy we Konstruktorlaryň kubogynyň sekiz ýaryşynda ýeňşe ýardam berdi.


29.05.2026 15:15
18k+

Ronaldunyň iň gowy 5 awtoulagy: 10 mln dollarlyk Bugatti we Joržinanyň sowgat eden «Gelendwageni»

Ýakynda Saud Arabystanynyň çempiony bolan Kriştianu Ronaldu dünýäniň iň köp gazanýan futbolçysy bolmagynda galýar....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....