Dünýä çempionatlarynyň taryhynda iň gowy bombardir Kloze UEFA-nyň prezidentiniň baýragyny alar

  • 31.08.2023 11:45
  • 20k+

Germaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde dünýä çempiony Miroslaw Kloze Ýewropanyň Futbol assosiasiýalarynyň birleşiginiň (UEFA) prezidentiniň baýragynyň eýesi boldy. Bu barada guramanyň resmi saýtyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär. Baýrak öňki futbolça 31-nji awgustda Monakoda geçiriljek 2023/24-möwsüminiň Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekişik dabarasynda gowşurylar.

Kloze 45 ýaşynda. Ol Braziliýadaky dünýä çempionatynyň (2014) ýeňijisi boldy. Şeýle-de, ol dünýä birinjilikleriniň kümüş (2002) we iki gezek bürünç baýrakçysydyr (2006, 2010). Ýewropa çempionatlarynda hüjümçi kümüş (2008) we bürünç (2012) baýraklaryny aldy. Kloze 16 gol bilen dünýä çempionatlarynyň taryhynda iň gowy bombardirdir. Umuman, onuň hasabynda Germaniýanyň milli ýygyndysy üçin 137 oýunda 71 gol bar. Klub derejesinde ol Germaniýanyň “Homburg”, “Kaýzerslautern”, “Werder”, “Bawariýa” toparlarynda we Italiýanyň “Lasio” toparynda oýnady.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......