Bişkekde «Barselonanyň» we «Aziýanyň» öňki ýyldyz oýunçylarynyň futbol duşuşygy geçirildi

  • 31.08.2023 01:48
  • 28k+

30-njy awgustda Bişkekde «Barselonanyň» we Aziýanyň ady taryha öwrülen futbol ýyldyzlarynyň ýoldaşlyk duşuşygy geçirildi.

«Aziýanyň ýyldyzlarynyň» toparynda ilkinji minutlardan meýdança çykanlar: Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, gazak weteranlary Dawid Loriýa, Samat Smakow, Andreý Karpowiç, Igor Awdeýew, gyrgyzystanly ýyldyzlar Ruslan Sydykow, özbeklerden Serwer Jeparow, Bahtiýor Aşurmatow, Leonid Koşelew, eýranly Hodadad Azizi we BAE-den Başir Said.


«Barselonanyň» başlangyç düzümi: Angoý Hesus, Juliano Belletti, Edgar Dawids, Karles Puýol, Roberto Trasorras, Hawýer Sawiola, Lýudowik Žýuli, Jowani DOs Santos, Riwaldo, Serhi Barhuan we Huan Pablo Sorin.

Oýun başlamazdan ozal, Gyrgyzystanyň Prezidenti gutlag bilen çykyş etdi. Çykyşynda ol Jalal-Abadda «Barselonanyň» Merkezi Aziýada ilkinji akademiýasynyň açylmagy bilen gutlady.
Şeýle hem gyrgyz Lideri Bişkekde hem bu futbol klubunyň gurluşygynyň düýbüniň tutulandygyny habar berdi.

Futbol duşuşygy Dolon Omurzakow adyndaky stadionda geçirildi. Stadiona müňlerçe futbol janköýerleri ýygnandy. Oýnuň netijeleri boýunça «Barselona» 3:0 hasap bilen ýeňiş gazandy. Gollary Jowani Dos Santos, Huan Pablo Sorin we Hawýer Sawiola geçirdi.

Duşuşyga ýerli eminler eminlik etdi.


04.06.2026 23:46
5.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

04.06.2026 00:17
10k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......

01.06.2026 16:29
4.8k+

«Barselona» «Nýukasldan» Entoni Gordony satyn aldy

«Barselona» futbol kluby «Nýukaslyň» çep gyraky hüjümçisi (wingeri) Entoni Gordonyň transferini resmi taýdan yglan etdi. 25 ýaşly futbolçynyň katalon kluby bilen baglaşan şertnamasy 2031-nji ýyla çenli......

31.05.2026 10:21
5.7k+

Çarwadarlarynyň Bütindünýä oýunlarynyň baýrak gory 700 müň dollardan gowrak bolar

Çarwadarlaryň VI Bütindünýä oýunlarynyň umumy baýrak gory 61,3 million soma (takmynan 700,8 müň dollara) deň bolar. Bu barada Kaktus.media neşiri Milli sport görnüşleri boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Ulukbek......