“Barselona” Kobi Braýantyň hormatyna “Leýkersiň” reňkinde eşik toplumyny hödürledi

  • 31.07.2025 14:14
  • 6.3k+

“Barselona” 2025/26 möwsümi üçin myhmançylykda geýjek täze eşik toplumyny hödürledi. Köýnekçe gara we benewşe öwüşgin bilen sary reňkde ýerine ýetirildi – ol Kobi Braýantyň çykyş eden “Los-Anjeles Leýkers” basketbol toparynyň reňklerine salgylanýar.

Adaty Nike logotipiniň deregine eşik toplumynda Kobe Sheath nyşany – NBA-nyň meşhur oýunçysynyň brendini alamatlandyrýan gyna salnan gylyç ýerleşdirildi.
Klubuň beýanynda bellenilişi ýaly, bu eşik toplumy Braýant bilen “Barselonany” baglanyşdyrýan sport kämilligine umumy ymtylyşy görkezýär.


Kobe Bryant brendi bilen hyzmatdaşlyk üç ýyl – 2027/28 möwsümine çenli dowam eder. Klub bu taslamanyň diňe bir Braýantyň maksada okgunlylygyny görkezmän, eýsem onuň futbola bolan söýgüsini we “Barselonanyň” oýun stiline hem pelsepesine gyzyklanmasyny ýatladýandygyny belledi.
Kobi bu toparyň muşdagydy, ol Barselona gelen wagty we toparyň ABŞ-a saparynyň çäklerinde oýunçylar bilen duşuşýardy.


Ýatlap geçsek, basketbolçy 2020-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Kaliforniýanyň Kalabasas şäherinde hususy dikuçarynyň heläkçilige uçramagy netijesinde heläk boldy. Ol 41 ýaşyndady. Bortdaky 9 adamyň ählisi – uçarman we 8 ýolagçy, şol sanda Kobi Braýantyň 13 ýaşly gyzy Jianna heläkçiligiň pidasy boldy.


düýn 23:07
3.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
3.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.8k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.8k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....