Gyrgyzystanda «Barselonanyň» Merkezi Aziýadaky ilkinji futbol akademiýasy açyldy

  • 31.08.2023 00:11
  • 11k+

Jalal-Abadda ýurtdaky iň iri futbol infrastrukturasynyň – «Barselona» futbol klubynyň Merkezi Aziýadaky ilkinji futbol akademiýasynyň açylyş dabarasy boldy. Dabara Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, «Barselona» FK-nyň prezidenti Žoan Laporta, şeýle hem Ronaldinýo, Karles Puýol we Erik Abidal ýaly ispan klubynyň birnäçe meşhur öňki oýunçylary gatnaşdylar.

«Barselona» FK-nyň akademiýasy – Gyrgyz futbol bileleşigi bilen ispan klubynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäginde durmuşa geçirilýän taslamadyr. Taslamanyň maksady – Gyrgyzystanyň futbol mümkinçiligini ösdürmek, ýaş zehinleri «Barselona» FK-nyň usullary boýunça taýýarlamak we sebitde futbol medeniýetiniň ýaýramagyna itergi bermek.
Akademiýa 5,2 gektar meýdany eýeleýär, bu ýerde tebigy ot örtügi bolan iki sany doly göwrümli futbol meýdançasy, howany goldaýan gümmeziň aşagyndaky doly göwrümli emeli örtügi bolan meýdança we iki kiçi meýdança ýerleşýär.
Mundan başga-da, akademiýanyň çäginde mekdep binasy, sport zaly we dört gatly dolandyryş binasy bar. Akademiýada seçip alyş synaglarynyň netijelerine görä saýlanjak 6 – 18 ýaş aralygyndaky çagalar tälim alarlar.
Açylyş dabarasyndan soň, «Barselona» FK-nyň meşhur öňki oýunçylary bilen Gyrgyzystanyň günorta sebitlerinden dürli futbol toparlarynyň çagalarynyň arasynda dostlukly oýun geçirildi.


düýn 14:15
11k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
13k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.8k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.5k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......