“Galatasaraý” Osimheni türk kluby üçin rekord 75 mln ýewro satyn aldy

  • 01.08.2025 19:15
  • 7.3k+

Nigeriýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Wiktor Osimhen Italiýanyň “Napoli” klubundan “Galatasaraý” türk klubuna geçdi. Bu barada Stambulyň futbol klubunyň resmi saýtynda habar berilýär.

26 ýaşly hüjümçi bilen şertnama dört ýyl möhlet bilen baglaşyldy. Oýunçy täze klubda ýylda 15 mln ýewro gazanar, şeýle-de bonus hökmünde 1 mln ýewro göz öňünde tutuldy. Osimhen imij hukuklary üçin hem ýene 5 mln ýewro alar.
Transfer mukdary 75 mln ýewro bolup, türk klubunyň taryhynda iň uly şertnama öwrüldi. “Napoli” hem oýunçynyň indiki satuwyndan 10% alar.
Geçen möwsümde Osimhen “Galatasaraýda” kärendesine oýnady we dürli ýaryşlarda 41 oýunda 37 gol geçirdi. Ol 26 gol bilen Türkiýäniň Superligasynda iň gowy bombardir bolup, kluba Türkiýäniň çempionatyny we Kubogyny utmaga kömek etdi.
Osimhen 2020-nji ýyldan bäri “Napoliniň” futbolçysy bolup, topar bilen Italiýanyň çempionatyny (2022/23) utdy, şol möwsüm ol Seriýa A-da iň gowy bombardir boldy. Klub üçin jemi 133 oýunda 76 gol geçirdi. “Napoliden” öň Osimhen Germaniýanyň “Wolfsburg”, Belgiýanyň “Şarlerua” we Fransiýanyň “Lill” toparlarynda çykyş etdi. Ol Nigeriýanyň milli ýygyndysynyň taryhynda 26 gol bilen iň gowy bombardirdir.


şu gün 13:39
3.4k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

düýn 14:15
11k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
13k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.9k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......