Şakira klipler pudagyna goşan goşandy üçin MTV-niň Maýkl Jekson adyndaky baýragyny alar

  • 30.08.2023 12:08
  • 15k+

Billboard-yň habar bermegine görä, Şakira MTV-niň abraýly Video Vanguard Award (ýa-da Lifetime Achievement Award) baýragy bilen sylaglanar. Baýrak gowşurylyş dabarasy 12-nji sentýabrda Nýuarkdaky Prudenşal merkezinde bolar.

Ol baýragy bu kategoriýa boýunça alan ilkinji günorta amerikaly we ikinji latyn amerikaly artist (bäş ýyl ozal Jennifer Lopezden soň) bolar. Mundan başga-da, Şakira üç kategoriýasynda dalaşgär görkezildi: "Ýylyň aýdymçysy", "Iň oňat hyzmatdaşlyk" (Karol G bilen) we "Iň gowy latynamerikan pop wideosy" (TQG we Acrostico üçin iki gezek).
Neşiriň habaryna görä, soňky ýyllarda bu kategoriýada aýallar agdyklyk edýär: iň soňky erkek artist 2015-nji ýylda Kanye West bolupdy, ondan soň baýrak Rianna (2016), Pinke (2017), Lopese (2018), Missi Elliotta (2019) we Nikki Minaj (2022) gowşuryldy. 2020-21-nji ýyllarda bu baýrak hiç kime berilmedi.
Gözbaşyny 2013-nji ýyldan alyp gaýdýan däp boýunça aýdymçy baýragyň sahnasynda meşhur hitleri bilen çykyş edýär. Bu Şakiranyň Hip's Don't Lie-y ýerine ýetireninden  17 ýyldan soň MTV VMA-da ilkinji çykyşy bolar.
MTV-niň Video Vanguard Award baýragy MTV tarapyndan 1984-nji ýylda döredildi. Baýrak klipler pudagynda artistleriň we režissýorlaryň "ajaýyp goşandyny" we "çuňňur täsirini" ykrar edýär.

11.06.2026 13:03
7.5k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....