Ferrari SF90 Stradale sportkarynyň oruntutaryny synagdan geçirýär

  • 30.08.2023 11:56
  • 4.9k+

Italýan awtoulag öndürijisi «Ferrari» «SF90 Stradale» ulagynyň oruntutaryny synagdan geçirip başlady diýip, motor1.com habar berýär.

Deslapky maglumatlara görä, awtoulag «Ferrari SF100» diýlip atlandyrylar. Sport awtoulagy dört litrlik benzin motoryndan we üç sany elektrik motoryndan (ikisi öňdäki okda we biri yzky okda) ybarat gibrid hereketlendiriji bilen üpjün ediler. Olaryň umumy kuwwaty 1000 at güýjüne deň bolar. Geçiriş gutusy sekiz basgançakly awtomat aýratynlyga eýedir.
Täze «Ferrari SF100» 2025-nji ýylyň başynda tanyşdyrylar. Şol wagt hem «SF90 Stradale-iň» öndürilmegi bes ediler. Täze nusga barada jikme-jik maglumat tanyşdyrylyşyna golaý wagtda peýda bolar.


düýn 18:36
3.4k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......