Redmi 13 Pro-nyň doly häsiýetnamasy mälim edildi

  • 30.08.2023 11:42
  • 17k+

Hytaýyň telekommunikasiýa enjamlaryny sertifikatlaşdyryş merkeziniň (TENAA) binýadynda «Xiaomi-niň» heniz çykarylmadyk «Redmi Note 13 Pro» we «Note 13 Pro+» subbrend smartfonlarynyň jikme-jik aýratynlyklary peýda boldy. Bu barada MySmartPrice portaly habar berýär.

Çeşmäniň bellemegine görä, smartfonlaryň häsiýetnamalary köp babatda meňzeş bolar: 144 Gs şekil täzeleniş tizligi bolan 1,5K durulykly (2712x1220 piksel) 6,7 dýuýmlyk OLED displeýleri bilen üpjün edilerler.
Enjamlaryň goşmaça ýady 128 GB-dan 1 TB çenli sygym mümkinçiligi bilen hödürlener. «Redmi Note 13 Pro-nyň» operatiw ýady 6-dan 16 GB aralygynda, uly nusgasynyňky bolsa 8 GB-dan 18 GB-a çenli bolar.
Mundan başga-da, «Redmi Note 13 Pro» nesliniň iki smartfony hem 200MP mümkinçilikli esasy kamera, 8MP ultra giň burçly datçik we 2MP durulykly kömekçi datçik bilen enjamlaşdyrylar.
«Redmi Note 13 Pro-nyň» akkumulýatorynyň sygymy 5160 mAhs, «Note 13 Pro+» smartfonyňky bolsa 5000 mAs bolar. Smartfonlaryň zarýad berijisiniň kuwwaty we ulanylan çipleriň aýratynlyklary görkezilmedi.
«Redmi Note 13 Pro» nesliniň täze önümleriniň çykjak senesi heniz belli däl.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...