Tesla Los-Anjelesde garbanyşhana we kinoteatr gurmak üçin rugsat aldy

  • 29.08.2023 15:22
  • 14k+

Ilon Maskyň Tesla kompaniýasy Los-Anjelesiň Gurluşyk we howpsuzlyk bölüminden “Diner” we “Drive-In Movie Supercharger” taslamasyny durmuşa geçirmek üçin rugsat aldy. Oňa 32 sany Supercharger zarýad beriş stansiýasy, garbanyşhana we iki sany köçe kinoteatry girer. Bu barada Teslarati habar berdi.

Taslama Golliwudda Santa Monika bulwarynda gurlar. Arhitekturasyna Arizona ştatynyň Çandler şäherinde ýerleşýän Stantec Architecture kompaniýasy jogap berer. Potratçylaryň arasynda Kaliforniýa ştatynyň Glendeýl şäheriniň PCL Construction gurluşyk kompaniýasy hem bar.
Bu toplum Tesla awtoulaglarynyň eýeleriniň awtoulaga zarýad berilýärkä oňat dynç almagy üçin dörediler. Şeýle-de bolsa, Tesla-nyň kinoteatrlarynda görkeziljek filmi müşderiler tutuşlygyna görüp bilmese gerek, sebäbi awtoulag bary-ýogy 15 minutda zarýad alar. Şonuň üçin hem bu kinoteatrlarda meşhur filmlerden parçalar görkeziler.


22.06.2026 00:57
5.1k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......