Messi MLS-däki ilkinji duşuşygynda toparyna ýeňiş getirdi

  • 28.08.2023 19:47
  • 14k+

«Inter Maýami» MLS çempionatyndaky oýunda Nýu-Ýorkuň «Red Bulls» toparyny ýeňdi.

Herrisonda geçirilen duşuşyk «Inter Maýaminiň» peýdasyna 2-0 hasabynda tamamlandy. Diýego Gomes 37-nji minutda hasaby açdy, Lionel Messi duşuşygyň esasy wagty gutarmazyndan bir minut öň pökgini derwezä iberip, ahyrky hasaby kesgitledi. Argentinaly hüjümçi üçin bu MLS-däki ilkinji oýun boldy.
«Inter Maýaminiň» düzüminde geçiren dokuz duşuşygyndan soň Messiniň 11 goly we 3 ýardam pasy bar. 20-nji awgustda argentinaly futbolçy Amerikadaky ilkinji kubogyny gazandy. «Inter Maýami» Ligalaryň kubogynyň eýesi boldy.
Şeýle hem «Inter Maýami» ABŞ-nyň Açyk kubogynyň finalynda «Hýustona» garşy oýnar.
Messi Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» toparynda iki ýyl çykyş edenden soň 2023-nji ýylyň tomsunda «Inter Maýami» toparyna geçdi. MLS-de ilkinji duşuşygynda jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip, tapawutlanmagy başardy.
Messi ýedi gezek «Altyn topuň» ýeňijisi, Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde dünýä çempiony, 10 gezek Ispaniýanyň çempiony, iki gezek Fransiýanyň çempiony, dört gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi, dünýäniň klublar çempionatynda üç gezek ýeňiji boldy.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......