Türkiýede her üç minutda bir elektromobil öndüriler

  • 28.08.2023 19:48
  • 34k+

Türkiýäniň elektromobil öndüriji TOGG kompaniýasy önümçilik göwrümini artdyrmak kararyna geldi, ýagny 2023-nji ýylyň sentýabr aýyndan soň zawod tarapyndan her üç minutda bir awtomobil çykarylar. Bu barada TOGG kompaniýasynyň baş müdiri Mehmet Gýurkan Karakaş “Hürriyet” neşirine aýtdy. Muny rossaprimavera.ru ýetirýär.

Onuň sözlerine görä, häzire çenli bazara 2344 awtomobil iberen kompaniýa 2023-nji ýylyň awgust aýynyň ahyryna çenli bir günde 100 sany T10X awtomobilini öndürijilik kuwwatyna çykdy.
TOGG kompaniýasy islegiň birbada ýokarlanmagy bilen baglylykda sentýabr aýynyň ortalaryndan ikinji çalşyga geçer we bir günde çykarylýan awtomobilleriň sany 170-e çenli artar.

“Hepdäniň başynda biziň önümçilik görkezijilerimiz bir günde 80-100 awtomobildi. Häzir biz 100 birlige ýetdik. Diňe awgust aýynda biz geçen ýyllara garanda has köp awtomobil öndüreris. Indi bizden önümçilik göwrüminiň 28 müň awtomobile ýetmegine mümkinçilik barmy diýip soraýarlar. Elbetde, bar. Önümçiligi artdyrmagyň bir usuly – ikinji çalşyga geçmek. Adaty şertlerde biz ikinji çalşygy geljek ýyl, ýagny 2024-nji ýylda göz öňünde tutupdyk, ýöne islegiň ýokarydygyny görenimizden soň gelen netijämizi üýtgetdik” – diýip, Karakaş aýdýar.


29.05.2026 23:38
3.3k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.7k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.5k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......