Apple iPhone 15 Pro üçin kuwwatly zarýad berijini aýratyn satar

  • 28.08.2023 19:38
  • 13k+

Apple çalt zarýad bermegi goldaýan kabeller bilen täze gymmat flagmanlary bile toplumda goýbermezlik kararyna geldi. Bu barada Appleinsider habar berýär.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri KosutamiSan lakamly bir insaýderiň hasabatyna salgylandy. Awtoryň sözlerine görä, Apple iPhone 15 Pro-nyň we 15 Pro Max-yň eýelerine 150 watt zarýad bermek üçin USB4 Gen 2 simlerini satyn almagy teklip eder. Hünärmen, diňe şu kabeliň iň çalt zarýad berjekdigini aýtdy.
Şol bir wagtyň özünde, adaty zarýad beriş kabeli iPhone 15 seriýaly ähli smartfonlaryň toplumynda galar. 2020-nji ýylda Apple iPhone bilen gutudaky güýç adapterini hem-de gulaklyklary aýyrdy we goşmaça satyn almagy teklip etdi.


02.03.2026 22:21
4.8k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...

27.02.2026 15:17
1.8k+

Apple düzüminde ýekeje işgäri bolan invrs.io startapyny satyn aldy

Apple kompaniýasy Ýewropanyň invrs.io startapyny satyn aldy. Bu geleşigiň iň gyzykly tarapy — startapda ýekeje adam işleýär, olam onuň esaslandyryjysy Martin Şubert. Indi ol öz işini Apple-de dowam etdirýär. Bu şertnama üçin amerikan kompaniýasynyň näçe pul çykarany mälim edilmedi...

20.02.2026 11:20
2k+

Kameraly äýnekler, akylly tumarlar we täze AirPods: Apple-yň geljekki meýilnamalary

Bloomberg agentliginiň synçysy Mark Gurman Apple kompaniýasynyň emeli aň goldawy bolan täze dakynylýan enjamlaryň üstünde işleýändigini habar berdi. Kompaniýa Siri ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin ähli täze enjamlary kameralar bilen enjamlaşdyrmagy meýilleşdirýär...