ABŞ-da iň uzyn guýrukly pişik Ginnesiň rekordlar kitabynda hasaba alyndy

  • 28.08.2023 11:40
  • 19k+

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda Altair atly pişik Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Hünärmenler bu öý haýwanynyň öý pişikleriniň arasynda iň uzyn guýruga eýedigini anykladylar.

Haýwanyň eýesi Wilýam Jon Pauers ozal Guw atly meýn-kun tohumly pişiginiň bolandygyny aýtdy. Onuň guýrugynyň uzynlygy 44,65 santimetre ýetipdir. Emma Guw 2017-nji ýylda ýangynda heläk bolupdyr. Şondan soňra amerikaly ölen meýn-kun tohumly pişiginiň öweý doganyny alypdyr we ony Altair diýip atlandyrypdyr.
Pauersiň bellemegine görä, täze haýwanyň öz doganyna meňzeşdigi ilkibaşdan mälim bolupdyr. «Edil Guwda hem bolşy ýaly, onuň çagalyk döwründe hem adatydan uzyn guýrugy bardy we ýaşy ulaldygyça guýrugy hem uzaldy» diýip, pişigiň eýesi belledi.
Ýakynda Ginnesiň rekordlar kitabynyň işgärleri amerikalynyň öýüne gelip, pişigiň guýrugynyň ölçegini aldylar. Altairiň guýrugynyň uzynlygy 41 santimetre golaý boldy.
Pauersiň maşgalasynda ýene bir rekord goýan pişigiň bardygy bellärliklidir. Fenrir atly sawanna tohumly pişik ýakynda iň beýik öý pişigi diýlip ykrar edildi, onuň boýy 47,82 santimetrdir.


19.06.2026 19:53
2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

18.06.2026 22:32
4.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......