Kamerunly aýal birbada 9 çagany dünýä indirdi

  • 28.08.2023 11:27
  • 41k+

Kamerunyň 45 ýaşly ýaşaýjysy Antoniýa Madu Obianužu birbada dokuz çagany dünýä indirdi diýip, MIR 24 habar berýär.

Antoniýa alty gyzyň we üç oglanjygyň ejesi boldy. Ol ultrases barlagyndan geçenden soň ekizlere garaşandygyny aýtdy. Şonuň üçin dokuz çaganyň dünýä inmegi onuň özi üçin hem garaşylmadyk waka boldy. Antoniýanyň ozal hem iki çagasy bar. Olar 14 ýaşly ekizler – oglan we gyz.
«Mimi Mefo Info» neşiriniň bellemegine görä, Madu dünýäde birbada dokuz çagany dünýä indirmegi başaran ikinji aýal boldy. Ondan öň Maliniň ýaşaýjysy Halima Sisse 2021-nji ýylda birbada 9 çaganyň ejesi bolupdy we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

düýn 20:25
5k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
6.2k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
4.9k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
2.1k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......