Habib Nurmagomedow UFC bilen özi hakda dokumental filmiň üstünde işleýär

  • 28.08.2023 11:50
  • 29k+

UFC-niň ýeňil agramdaky (70 kilograma çenli) öňki çempiony, indi bolsa Şöhrat zalynyň agzasy, russiýaly ýyldyz Habib Nurmagomedow bu gurama bilen özi hakda dokumental filmiň üstünde işleýändigini aýtdy.

"Häzirki wagtda men siziň adamlaryňyz bilen işleýärin (UFC-iň prezidenti Dana Uaýta ýüzlenýär), dokumental film üçin 25 töweregi kamera iberdiňiz. Hawa, soňky bäş günden bäri munuň üstünde işleýärin. Bilýänsiňiz, bu gaty köp wagt alýar. Häzirem bu adamlar maňa garaşýarlar " - diýip, Nurmagomedow sosial ulgamlarda göni ýaýlymda aýtdy.

Habib Nurmagomedow 34 ýaşynda. Söweşiji professional hökmünde 2008-nji ýylda ilkinji gezek 2012-nji ýylyň ýanwar aýynda UFC-de çykyş etdi. Dünýäniň iň güýçli guramasyndaky karýerasynda Nurmagomedow 13 söweş edip, hemmesinde ýeňdi.
2020-nji ýylyň oktýabr aýynda UFC 254 ýaryşynda Nurmagomedow ikinji tapgyrda amerikaly Jastin Getjini demikdiriji emel ulanyp ýeňdi we şondan soň karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi.


18.06.2026 22:41
8k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......