Oktýabrda Pakistanyň Hökümeti bilen TOPH boýunça ylalaşyk baglanyşmak meýilleşdirilýär

  • 26.08.2023 17:14
  • 10k+

Penşenbe güni Yslamabatda energetika ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Muhammet Aly bilen Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamowyň arasynda geçirilen duşuşygyň barşynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçiriji taslamasy boýunça işleri dowam etdirmek barada ylalaşyk gazanyldy. Bu barada ProPakistani habarlar gullugynyň habar berdi.

Duşuşykda taraplar TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilişine syn bermek boýunça iş toparynyň yzygiderli mejlislerini geçirmäge ylalaşdylar.
Muhammet Aly eden çykyşynda TOPH taslamasynyň Pakistanyň barha artýan energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin zerurdygyny belledi.

Şu nukdaýnazardan, oktýabr aýynda özara ylalaşma arkaly kabul ediji hökümet bilen ylalalyşygyň baglaşylmagyna garaşylýar. Mundan başga-da, ol taslamanyň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmak üçin Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik taslamasy boýunça iş toparynyň mejlisleriniň ýygy-ýygydan geçiriljekdigini aýtdy.
Onuň sözlerine görä, TOPH taslamasy ýurtda diňe bir çalt ösýän energiýa islegini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem sebitara aragatnaşyk we ykdysady ösüş üçin hem uly mümkinçilikler döreder.


13.06.2026 15:16
6.7k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

08.06.2026 19:01
4.9k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

17.01.2026 08:47
5.5k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...