Türkmenistanyň Ilçisi Özbegistanyň Daşary işler ministrine ynanç hatlaryny gowşurdy

  • 26.08.2023 15:08
  • 9.3k+

24-nji awgustda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ş.Meredow Özbegistannyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidowa ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Özbegistanyň Daşary işler ministri Ilçini wezipä bellenmegi mynasybetli gutlamak bilen, oňa ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek boýunça alyp barjak işinde özbek tarapynyň goldaw bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça has hem işjeňleşendigi bellenildi.
Ilçi, öz gezeginde, Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy ugrunda tagalla etjekdigine ynandyrdy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.


düýn 19:38
2.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......