Türkmenistanyň ýük uçary RF-niň Primorskiý kraý sebitine ynsanperwer ýüki ýetirdi

  • 25.08.2023 17:26
  • 29k+

40 tonna golaý ynsanperwer ýük ýüklenen Türkmenistanyň IL-76 ýük uçary Primorskiý kraý sebitiniň howa menziline bardy. Howa menzilinde ýük uçaryny birinji wise-gubernator, sebitiň Hökümetiniň ýolbaşçysy Wera Şerbina garşy aldy diýip, sebit Ministrler Kabinetiniň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmen ýük uçary sebitde tebigy hadysalardan ejir çekenlere egin-şeikleri, çaga iýmitini, ýassykdyr örtgüleri ýetirdi.

«Hut öz adymdan hem-de tutuş sebitiň adyndan türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur sagbolsun aýdýaryn. Iberilen bu ýük bize diýseň wajyp. Bu ýükde çaga egin-eşikleri we iýmiti, ýassykdyr ýorganlar bar» diýip Şerbina belledi.

Şerbinanyň habar bermegine görä, tebigy tuoan sebäpli 72 sany ilatly nokada zyýan ýetdi. Bäş müň töweregi öý hojalyklaryny suw aldy. Häzirki wagtda sebite halkara ynsanperwer ýükleri gelip gowuşýar, Russiýanyň ähli künjeginden hem ýükleriň yzy üzülenok.


düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....