Xiaomi Android-iň oruntutaryny döredip biler

  • 25.08.2023 11:04
  • 4k+

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy Android-iň ornuny tutup biljek operasion ulgamyny hödürläp biler. Bu barada 4gnews neşiri habar berýär.

Habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri bu korporasiýanyň Hytaýda MiOS haryt nyşanyny bellige aldyrandygyny bellediler. Insaýderleriň sözlerine görä, haryt nyşanyny bellige aldyrmagy Xiaomi-niň öz enjamlary üçin täze operasion ulgamyny döretmegiň üstünde işleýändigini görkezip biler.
MiOS-yň hasaba alnandygy, ilki bilen Ice Universe lakamly insaýder tarapyndan bellendi. Awtor kompaniýanyň alternatiw operasion ulgamynyň üstünde işleýändigini çaklady. 4gnews-iň hünärmenleri, eger korporasiýa öz smartfonlarynda Android-i doly derejede ulanyp bilmedik halatynda, Xiaomi-niň öz operasion ulgamyna dolanyp gelmelidigini düşündirdi. Muňa awtorlar ABŞ-nyň sanksiýalaryna sezewar bolan we öz HarmonyOS operasion ulgamyny ösdürmäge mejbur bolan Huawei-i mysal getirdiler.


22.02.2026 01:33
3.8k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...