Koreýaly alymlar dünýäde ilkinji gumanoid robot-sürüjini işläp düzdüler

  • 24.08.2023 23:36
  • 15k+

Koreýanyň Ylym we tehnologiýalar institutynyň (KAIST) işläp düzüjileri dünýädäki ilkinji gumanoid robot-sürüjini hödürlediler. PIBOT adyny alan bu robot uçarlardan başga-da, ýerüsti ulaglary hem dolandyryp bilýär diýip, işläp düzüjiler belleýär. Bu barada incrussia.ru habar berýär.

Robot emeli intellektiň kömegi bilen dolandyrylýar, aeronawigasiýa kartalaryny we adatdan daşary ýagdaýlarda hereket protokollaryny ýatda saklap bilýär. Mundan başga-da, PIBOT adatdan daşary ýagdaýlarda alymlardan çalt baş çykaryp bilýär, hatda güýçli turbulentlikde hem geçirijileri dolandyryp bilýär we oturdylan kameralaryň kömegi bilen daşky gurşawyň ýagdaýyny seljerip bilýär.

“Gumanoid robotlar bar bolan uçarlaryň kämilleşdirilmegini talap etmeýär we uçuşlary awtomatlaşdyrmak üçin göni ulanylyp bilner” – diýip, PIBOT taslamasyna ýolbaşçylyk ediji Dewid Hençul Şim aýdýar.

Robotyň boýy 150 sm. PIBOT üçin öwrediji programmalar hökmünde çat-botlar, aýratynam, ChatGPT bilen işlemegiň usuly ulanyldy.

Häzirlikçe robot diňe awiasimulýatorda synagdan geçdi. Şeýle-de bolsa, işläp düzüjiler ony hakyky uçarda synagdan geçirmegi meýilleşdirýärler. Meýilnama görä, taslama 2026-njy ýyla çenli tamamlanar.


15.06.2026 19:47
3.4k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......

09.06.2026 23:10
2.7k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

27.05.2026 00:21
4.1k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......

13.05.2026 12:16
4k+

Koreýaly futbolçy bir aýagy bilen topy 60 sekuntda 363 gezek galdyryp rekord goýdy

Günorta Koreýaly futbolçy Çžan Wu Son üýtgeşik üstünlik bilen resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol bir minudyň içinde topy bir aýagynda 363 gezek galdyrmagy başardy....