Şu ýylyň ýedi aýynda türkmen-özbek haryt dolanyşygy 490 million dollardan geçdi

  • 24.08.2023 17:18
  • 8k+

2023-nji ýylyň ýedi aýynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň özara haryt dolanyşygynyň möçberi 492 million dollara barabar boldy. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,4% artykdyr diýip, Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika boýunça agentligi habar berdi.

Türkmenistan Özbegistana 383 mln dollarlyk haryt eksport etdi, 109 mln dollarlyk harydy bolsa import etdi. Bu görkeziji babatda Türkmenistan Özbegistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň ilkinji onlugyna girýär.
Özbegistana eksport edilen esasy harytlaryň hatarynda elektrik energiýasy we tebigy gaz bar. Türkmen elektrik energiýasyny, şol sanda, tebigy gazyny ibermek barada gazanylan ylalaşyklar netijesinde soňky ýyllarda haryt dolanyşygynyň möçberi bäş esse ösdi.
Özbegistan türkmen bazaryna himiýa senagatynyň, oba hojalygynyň önümlerini we senagat enjamlaryny getirýär.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......