Samsung arzan eplenýän smartfon çykarar

  • 23.08.2023 19:29
  • 19k+

Günorta Koreýanyň «Samsung» korporasiýasy arzan eplenýän smartfon çykarmagy meýilleşdirýär.

Bellenilmegine görä, «Samsung» eplenýän telefonlara has köp üns çekmek üçin arzan bahaly eplenýän smartfonlaryň bazaryna girmegi meýilleşdirýär. «Galaxy Z FE» diýlip atlandyrylýan bu enjam kompaniýanyň eplenýän smartfonlarynyň täze «Galaxy Z Fold6» we «Galaxy Z Flip6» nesli tanyşdyrylandan soň, 2024-nji ýylyň ortalarynda çykyp biler.
Koreý kompaniýasynyň arzan subflagmanlary öndürmek üçin «Galaxy FE» liniýasynyň bardygy bellenilýär.  «Samsung» şol liniýada her ýyl şeýle enjamlary, şol sanda eplenýän ekrany bolan smartfonlary öndürmegi göz öňünde tutýar.
«Galaxy Z FE-niň» «Galaxy Z Fold 6» bilen «Galaxy Z Flip 6» smartfonlarynyň haýsysynyň arzan nusgasy boljakdygy heniz belli däl.


03.03.2026 15:24
6.6k+

Galaxy S26 Ultra aýdylyşyndan has çalt zarýad alýar

Samsung-yň flagman smartfony Galaxy S26 Ultra resmi taýdan yglan edilendäkiden has ýokary zarýad alyş tizligini görkezdi. Tanyşdyryş wagtynda kompaniýa Super Fast Charging 3.0 tehnologiýasy arkaly enjamyň 30 minutda 75%-e çenli zarýad alyp biljekdigini habar beripdi...

03.03.2026 06:09
11k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...

26.02.2026 09:53
7.2k+

Samsung Galaxy S26 Ultra çykdy: Ekrany «ýaşyrýan» funksiýa we alýumin korpus

San-Fransiskoda geçirilen Galaxy Unpacked 2026 çäresinde Samsung kompaniýasy täze Galaxy S26 Ultra smartfonyny hödürledi. Bu flagman diňe bir kuwwatlylygy bilen däl, eýsem şahsy gizlinligi goramak ukyby bilen hem tapawutlanýar...

16.02.2026 03:47
5.3k+

Samsung-yň täze funksiýasy Galaxy S26 Ultra-nyň ekranyny ýat gözlerden gorar

Samsung-yň Demirgazyk Amerika bölümi ekranyň ýüzüni nätanyş gözlerden gizleýän täze funksiýa hakynda gysgajyk wideo görkezdi. Kompaniýa oňa «Privacy Display» diýip at berýär. Bu tehnologiýany ilkinji bolup, Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonunyň almagyna garaşylýar...