Katar 2022-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň mahabat önümlerini gaýtadan işleýär

  • 22.08.2023 23:54
  • 18k+

Kataryň Taslamalar we miras boýunça ýokary komiteti 2022-nji ýylda Katarda futbol boýunça dünýä çempionaty geçirilende ulanylan 173 tonna mahabat önüminiň saud kompaniýasy tarapyndan gaýtadan ulanyljakdygyny habar berdi. Muny forbes.kz ýetirýär.

Poliesterden bolan bu materiallar öň stadionlarda we beýleki desgalarda daşlyklar, bannerler we haýatlar hökmünde ulanyldy diýip, Komitetiň metbugat relizinde bellenilýär.

“Öň çäreleri guraýjylar poliesteri ekologiýa taýdan howpsuz usul bilen gaýtadan ulanmak meselesine duçar bolupdylar. Biz ekologiýa taýdan howpsuz çözgüdi tapmagy borç edindik, bu hem bizi bu hyzmatdaşlyga getirdi” – diýip, Komitetiň durnukly ösüş boýunça ýerine ýetiriji müdiri Bodur Al Meýer Saud Arabystanynda plastigi gaýtadan işleýän iň uly kompaniýalaryň biri bolan Saud Top Plastics bilen hyzmatdaşlyga ünsi çekdi.

Gaýtadan alnan çig mal plýonka we gaplama ýaly täze önümleri öndürmek üçin plastik bölejiklerine gaýtadan işlener diýip, Komitet belleýär.
Kompaniýa ýaryşdan tas 80 göterim galyndynyň gaýtadan işlenjekdigini, galan böleginiň bolsa zir-zibilleri gaýtadan işleýän zawoda iberiljekdigini nygtady.


19.06.2026 19:56
6.8k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

07.06.2026 10:07
3.6k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 20:16
3.1k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

21.05.2026 22:52
8.4k+

Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady....