«Transformerleriň» soňky filmi kassa ýygymy boýunça antirekord goýdy

  • 22.08.2023 16:28
  • 19k+

«Transformerler» kinofranşizasynyň täze filmi kassa ýygymy boýunça antirekord goýdy.

«Transformerler: Zwerobotlaryň galkynyşy» filmi ýaýlyma çykmagyndan soňky iki aýyň içinde 437 million dollar girdeji gazandy we franşizanyň iň pes netijesini görkezdi.
2017-nji ýylda «Transformerler: Soňky rysar» filmi ilkinji dynç günlerinde franşizanyň ähli filmleriniň arasynda kassa ýygymy boýunça antirekord goýupdy. Film ilkinji dynç günlerinde ABŞ-nyň kinoteatrlarynda 69,1 million dollar gazandy.
Ilkinji «Transformerler» filmi 2007-nji ýylda surata düşürilip, ilkinji dynç günlerinde ABŞ-nyň prokatynda 70,5 million dollar gazandy.

düýn 05:32
2.4k+

Alýumin bägül, goňur wafli... Jacquemus we Nike üýtgeşik reňkli krossowkalary hödürleýär

Jacquemus we Nike brendleri bahar möwsümi üçin Jacquemus x Nike Moon Shoe SP krossowkalarynyň täze reňklerini çykardy. Bu barada Hypebeast neşiri habar berýär. Aýakgabyň dizaýny 1972-nji ýylyň taryhy modeline esaslanýar...

25.02.2026 21:05
2.7k+

«Moda — bu sungat»: Met Gala 2026-nyň dress-kody yglan edildi

Metropoliten-muzeýi Met Gala 2026 haýyr-sahawat balynyň mowzugynyň «Moda — bu sungat» diýlip atlandyrylýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Vogue neşiriniň habar bermegine görä, çäre 4-nji maýda Nýu-Ýorkdaky (ABŞ) Condé Nast Galleries giňişliginde geçiriler...

25.02.2026 08:47
1.8k+

El hünäri il gezer: Loewe lýuks moda öýi 5100 senetçiniň içinden iň ussatlaryny saýlaýar

Ispaniýanyň Loewe lýuks moda öýi häzirkizaman senetçiligi ugrunda berilýän Loewe Craft Prize baýragynyň final tapgyryna çykan dalaşgärleriň adyny yglan etdi. Dünýäniň 133 ýurdundan we sebitinden gelip gowşan 5 100-den gowrak dalaşgäriň arasyndan 19 döwlete we sebite wekilçilik edýän iň ökde 30 senetkär saýlanyp alyndy...

17.02.2026 20:15
2k+

Gonkongda Gucci we Bvlgari atyrlarynda allergenler ýüze çykaryldy

Gonkongyň sarp edijileriň hukuklaryny goramak edarasy birnäçe gymmat bahaly atyrlarda, şol sanda Gucci we Bvlgari brendleriniň önümlerinde allergenleriň mukdarynyň ýokarydygyny anyklady diýip, SCMP neşiri habar berýär...