Awstraliýaly alymlar möýleriň 40-a golaý täze görnüşini açdylar

  • 21.08.2023 23:57
  • 14k+

Awstraliýaly alymlar Ýaşyl yklymyň tropiki sebitlerinde amala aşyran gözleglerinde möýleriň birbada 40-a golaý täze görnüşini açdylar. Bognaýaklylar maşgalasynyň bu wekilleri çylşyrymly howa şertlerinde diri galmak üçin ýerde hin gazyp, şolarda ýaşaýarlar.

Günbatar Awstraliýa ştatynyň uniwersitetiniň we Kwinslend muzeýiniň hünärmenleriniň bellemeklerine görä, tapylan täze görnüşler latyn Y harpy şekilinde hin gazýan möýleriň görnüşlerine degişlidirler. Olaryň hininde esasy girelgeden başga, howp abanan pursatlarda duýdansyz gaçmak üçin gizlin geçelge hem bar. Alymlar alty aýyň dowamynda şeýle hinleriň 140 sanysyny tapdylar.

«Biz awstraliýa hin gazyjy möýleriniň täze görnüşleri barada ilkinji makalany taýýarlaýarys. Molekulýar barlag usuly arkaly biz bu bognaýaklylaryň ewolýusiýasyny we ýaýraýyş taryhyny öwrenmegi göz öňünde tutýarys» diýip, barlaga gatnaşan alym belläp geçdi.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....