Nowak Jokowiç ATP titullarynyň sany boýunça üçünji orna çykdy

  • 21.08.2023 16:01
  • 3.5k+

Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç Açyk döwürde 95-nji ATP kubogyny gazandy. Netijede, ol iň köp titully tennisçileriň reýtinginde arassa üçünji orna çykdy. Bu barada championat.com habar berýär. 

Serbiýaly dünýäniň öňki birinji raketkasy, "Uly tuwulga" ýaryşlarynyň sekiz gezek ýeňijisi Iwan Lendlden öňe geçdi.
Rekord "Uly tuwulga" ýaryşlarynyň sekiz gezek ýeňijisi amerikaly Jimmi Konnorsa degişlidir. Onuň hasabynda 109 kubok bar. Ikinji orunda şweýsariýaly Rojer Federer ýerleşýär (103).
Ýatlap geçsek, Sinsinnatide geçirilen ýaryşyň final oýnunda Jokowiç dünýäniň birinji raketkasy ispaniýaly Karlos Alkarasy 5:7, 7:6 (9:7), 7:6 (7:4) hasabynda utdy. Olar kortda 3 sagat 49 minut wagt sarp etdiler. Sinsinnatidäki ýaryşyň baýrak gaznasy 6,6 mln dollar boldy.


18.06.2026 10:24
1.1k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......