Çeburaşka 2024-nji ýylda Soçide geçiriljek Bütindünýä ýaşlar festiwalynyň tumary hökmünde saýlandy

  • 21.08.2023 13:14
  • 8.2k+

"Tawrida. ART" forumynda 2024-nji ýylda Soçide geçiriljek Bütindünýä ýaşlar festiwalynyň tumary hödürlendi. Ol Çeburaşka boldy diýip, Regnum habarlar agentligi habar berýär.

Geljekki çäräniň nyşanynyň tanyşdyrylyşy gala-konsertiniň dowamynda baş sahnada geçirildi. Çeburaşkanyň uly şekili sahnada gyzyl şar bilen peýda boldy.
Festiwala gatnaşmak üçin arzalary kabul ediş 24-nji iýunda başlandy. Bütindünýä ýaşlar festiwaly 2024-nji ýylyň 1-nji martyndan 7-nji marty aralygynda Soçide geçiriler. Ol halkara derejesindäki uly göwrümli ýaşlar çäresi bolup, 180-den gowrak döwletden 20 müňden gowrak gatnaşyjyny ýygnar.


07.08.2025 16:27
19k+

Futbolçy Russiýanyň Kubogynyň oýnunda penaltiden üýtgeşik gol geçirdi

Russiýanyň Kubogy Fonbet-iň birinji raundynyň Krasnodar ülkesinden höwesjeň futbol kluby “PSK” bilen Maýkopdan “Družba” toparynyň arasyndaky oýnunda täsin ýagdaý bolup geçdi. “Sport Mail-iň” habar bermegine görä, oýnuň esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlandy...

25.07.2025 17:05
19k+

Türkmenistandan Merdan we Şöhrat Toýlyýewler "Ýüpek ýoly - 2025" halkara rallisinde ýeňiş gazandylar

22-nji iýulda Gorno-Altaýsk (RF) şäherinde «Ýüpek ýoly» halkara rallisi tamamlandy. T2 seriýaly off-road ulaglarynyň ýaryşynda umumy hasap boýunça 214 belgide çykyş eden doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewler ýeňiş gazandylar...

25.07.2025 16:54
5.6k+

FIDE 10 ýaşly Şogjiýewi iň ýaş halkara ussat diýip ykrar etdi

10 ýaşly russiýaly küştçi Roman Şogjiýew resmi taýdan halkara ussat adyny aldy. Bu barada Russiýanyň Küşt federasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi. TASS-yň maglumatlaryna görä, Şogjiýew bu tituly almak üçin zerur bolan üç düzgüniň ählisini ýerine ýetirmek bilen, iň ýaş küştçi boldy...

23.03.2025 12:11
8.2k+

Russiýaly aýal Baýkal kölünde buzuň astynda 122 metr ýüzüp, dünýä rekordyny goýdy

«Baýkalyň buzunyň astynda 2025» atly fridaýwing festiwalynda russiýaly Ýekaterina Nekrasowa uly üstünlik gazandy. Ol gidrokostýum geýmezden, Baýkal kölünde, buzuň astynda 122 metr aralyga ýüzdi. Bu netije bilen...