Apple zarýad alýan iPhone-yň gapdalynda ýatmagyň howpludygyny duýdurdy

  • 21.08.2023 13:09
  • 14k+

Apple iPhone ulanyjylary üçin duýduryş berdi. Kompaniýa gurluşy ulanyjylara zarýad alýan smartfonyň gapdalynda ýatmazlygy berk maslahat berýär. Muny championat.com ýetirýär.

Öndüriji iPhone smartfonyny diňe gowy ýelejiredilýän otagda zarýada goýmagy maslahat berýär. Şeýle-de, zarýad wagty gajeti ýassygyň, ýorganyň ýa-da bedeniň aşagynda goýmaly däl, sebäbi şeýle ýagdaýda smartfon gyzyp, hatardan çykyp biler.
Zarýad beriş kabeline birikdirilen gurluşyň ýanynda ýatmak ýangyna, elektrik togunyň urmagyna, şikes ýetmegine, gajetiň ýa-da emlägiň zaýalanmagyna getirip biler.
Mundan başga-da, kompaniýa başga bir öndürijileriň zarýad beriji gurluşlaryny ulanmazlygy maslahat berýär. Apple-iň wekilleriniň aýtmagyna görä, şeýle harytlar kompaniýanyň howpsuzlyk standartlaryna laýyk gelmän biler.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......