Lionel Messi futbol taryhynda iň köp titully oýunçy boldy

  • 20.08.2023 23:00
  • 14k+

MLS + MX Ligalaryň kubogynyň “Neşwill” bilen “Inter Maýaminiň” arasynda geçirilen final oýny tamamlandy. Toparlar Neşwilldäki (ABŞ) “Geodis Park” stadionynda oýnadylar. Oýnuň esasy wagty deňme-deň – 1:1 hasabynda tamamlandy. Oýundan soňky penalti tapgyrynda “Inter Maýaminiň” oýunçylary has güýçli boldy. Şu günki oýunda gazanylan ýeňiş “Inter Maýamä” MLS + MX Ligalaryň kubogyny getirdi. Bu Lionel Messiniň täze klubda ilkinji baýragydyr.

Şeýlelik bilen, argentinaly professional karýerasynda 44-nji kubogyny gazanyp, taryhda iň köp titula eýe bolan futbolçy boldy diýip, championat.com habar berýär.
Belläp geçsek, şu günki oýnuň dowamynda Messi ilki birinji taýmda gol geçirip, soňra penaltide pökgini tora girizip tapawutlandy.
Şu güne çenli Messiniň hasabynda 43 titul bardy. Karýerasyny tamamlan braziliýaly goragçy Dani Alwesiň hem şonça baýragy bar. Indi argentinaly oýunçy 44-nji kubogyny gazanyp, ýeke-täk lider boldy.


düýn 13:51
8.2k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......