Lamborghini-niň ilkinji elektrik awtoulagynyň kuwwaty 1360 at güýjünden geçen

  • 19.08.2023 23:55
  • 11k+

Montereýdäki awtoulag hepdeliginde Lamborghini Lanzador elektrik konseptini hödürledi. Aşagy beýik, 2 + 2 orunlyk üç gapyly grand-turýeriň dizaýny, resmi suratlaryň ýaýramagy sebäpli premýeradan öň doly açylypdy, ýöne indi kompaniýa birnäçe jikme-jiklikleri aýdyňlaşdyrdy. Öndüriji, nazarlary özünde eglejek ulagyň diňe bir 2028-nji ýylda önümçiligine başlanjak  takyk bir batareýaly modeliň öňbaşçysy bolman, eýsem markanyň beýleki täze önümleri üçin niýetlenen tehnologiýalaryň sergisidigini öndüriji habar berdi.

Lamborghini Lanzador adaptasiýa amortizatorly pnewmopodweskany, doly gözegçilik edilýän şassini we iki oky-da elektrik hereketlendirijili doly tigirli ulgamy aldy. Iň ýokary güýji 1 megawattdan geçýär - bu 1360 at güýjündenem köp. Elektrik hereketlendirijileri özbaşdak dolandyrylýar, bortdaky elektronika has ynamly öwrülmek üçin oklaryň we yzky tigirleriň arasynda güýçleriň paýlanyşyny üýtgedip biler.
Agzalan yzyna gaýtarylmany batareýanyň täze bir nesli üpjün edýär, jikme-jiklikleri entek elýeterli däl: Lamborghini diňe bir zarýad aralygynyň “uly” boljakdygyny aýtdy. Tehniki direktor Ruwen Moryň sözlerine görä, kompaniýa elektrikleşdirmegi boýnuňa dakylýan çäklendirme hökmünde däl-de, öndürijiligi we dolandyrylyşy ýokarlandyrmaga mümkinçilik diýip bilýär. Güýjüň, sürmek lezzetiniň we netijeliligiň arasynda deňagramlylyk döretmekde işläp düzüjiler eglişik etmek islemeýärler: geljekdäki önümçilik elektrik awtoulagy “gündelik sürülmäge laýyk Lamborghini” bolmaly.


29.05.2026 23:38
3.3k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.7k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.5k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......