Realme iPhone-daky Dynamic Island-yň meňzeş nusgasyny çykardy

  • 19.08.2023 17:08
  • 12k+

«Realme» «C53» smartfonynyň satuwyny ýola goýdy. Bu barada lenta.ru kompaniýanyň web sahypasyndaky maglumata salgylanyp habar berýär.

Enjamyň tapawutly aýratynlygy «mini-kapsula», ýagny smartfonyň ekranynyň ýokarsyndaky ýörite animasiýasyndadyr. Onuň kömegi bilen enjamyň ekranynda duýduryşlar, akkumulýatoryň ýagdaýy baradaky habarlar we beýleki maglumatlar peýda bolýar. Fewral aýynyň ahyrynda «9to5Google» neşiriniň žurnalistleri bu aýratynlyga ünsi çekip, onuň «iPhone 14 Pro» we «14 Pro Max» smartfonlaryndaky «Dynamic Island» bölümine meňzeýändigini bellediler.
Şeýle hem enjam 6,74 dýuýmlyk IPS ekrany, «Unisoc Tiger T612» prosessory, 6 gigabaýt operatiw ýat we 128 gigabaýt goşmaça ýat bilen üpjün edildi. Smartfonda 0,3 megapiksel durulykly kömekçi sensorly 50 megapiksellik esasy kamera ýerleşdirildi. Bu enjam sekuntda 30 kadr ýygylyk bilen 1080 piksel durulykda wideo ýazgy etmäge ukyplydyr.
«Realme C53» smartfonynda 5000mAs sygymly akkumulýator ýerleşdirilip, ol 33Wt çalt zarýad beriji bilen üpjün edildi.

düýn 20:25
5k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
6.2k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
4.9k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
2.1k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......