Alymlar adaty aýnadan 10 esse berk aýna döretdiler

  • 19.08.2023 17:02
  • 14k+

Pensilwaniýa ştatynyň uniwersitetiniň alymlary üýtgeşik LionGlass aýnasyny döretdiler. Ol adaty aýnadan on esse berk bolup, önümçiligi uglerod zyňyndylaryny adaty aýna taýýarlaýyş usuly bilen deňeşdirilende, 50% azaltmaga mümkinçilik berýär. Geljekde aýnalamak prosesi has ýönekeý we ygtybarly bolup biler hem-de aýna taýýarlamak üçin serişdeleri netijeli harçlamaga mümkinçilik berer diýip, SciTechDaily ýazýar.

Bütin dünýäde aýna önümçiligi netijesinde kömürturşy gazynyň zyňyndylary ýylda azyndan 86 mln tonna barabar bolýar. Täze görnüşli aýna bilen bu görkezijini iki esse azaldyp bolar diýip, alymlar belleýär.
Öý goşlarynyň predmetlerini (penjirelerden başlap gap-gaçlara çenli) taýýarlamak üçin ulanylýan adaty hek-natriý silikat aýnasy üç esasy komponentiň eredilmegi bilen taýýarlanýar: kwars çägesi, kalsinirlenen soda we hek daşy. Kalsinirlenen soda - bu natriý karbonaty, hek daşy bolsa - kalsiý karbonaty.

"Aýna eredilen wagty karbonatlar oksidlere dargaýarlar we atmosfera zyňylýan kömürturşy gazyny çykarýarlar. LionGlass uglerod düzümli materiallaryň ulanylmagyny aradan aýyrýar we aýnanyň ereme temperaturasyny ep-esli peseldýär" - diýip,  materiallary öwrenmek we inženeriýa boýunça professor hem-de taslamanyň baş gözlegçisi Jon Mauro düşündirýär.

CO2 zyňyndylarynyň esasy bölegi peçleri ýokary temperaturalara çenli gyzdyrmak üçin zerur bolan energiýanyň paýyna düşýär. Adaty aýnany eretmeklik Selsiý boýunça birnäçe ýüz gradusdan ýokary temperaturalarda bolup geçýär. Mauronyň aýtmagyna görä, LionGlass bilen eretme temperaturasy, takmynan, 300-400 gradus peselýär. Bu hem energiýanyň sarp edilişiniň adaty hek-natriý aýnasy bilen deňeşdirilende, takmynan, 30% azalmagyna getirýär. 


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.7k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....