Täze rus smartfonynyň suratlary paýlaşyldy

  • 19.08.2023 16:56
  • 25k+

Internetde täze «R-FON» atly rus smartfonynyň suratlary we aýratynlyklary baradaky maglumat paýlaşyldy. Surat Sosial ulgamlaryň we messenjerleriň professional ulanyjylarynyň assosiasiýasynyň başlygy Wladimir Zykowyň «Telegram» sahypasynda peýda boldy.

Smartfon «ROSA» Maglumat tehnologiýalarynyň ylmy-tehniki merkeziniň inženerleri tarapyndan işlenilip düzüldi. Täze enjam «R-FON» diýlip atlandyrylýan, ol «ROSA mobile» operasion ulgamynda işlär. Smartfonda 6,7 ​​dýuýmlyk displeý, 8 gigabaýt operatiw ýat we 128 gigabaýt goşmaça ýat ornaşdyryldy.
Şeýle hem enjam 50 megapiksel durulykly obýektiwi bolan esasy kamera, 5000 milliamper-sagat sygymy bolan akkumulýator bilen üpjün edildi. «R-FON» barmak yzy sensory bilen enjamlaşdyrylandyr, onda iki sany SIM karta üçin bölüm, Wi-Fi, Bluetooth, NFC ulgamlary bardyr.
Wladimir Zykowyň bellemegine görä, «ROSA mobaýl» operasion ulgamy 2023-nji ýylda işewür düzümlere we hökümet agzalaryna elýeterli bolar. Operasion ulgamyny sarp ediş bazaryna 2024-nji ýylda çykarmak meýilleşdirilýär. «Operasion ulgamyň ähli aýratynlyklary we interfeýsi tanyşdyrylýança gizlin saklanýar!» diýip, awtor sözüni jemledi.


03.06.2026 18:04
2.4k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

29.05.2026 15:22
9.7k+

Sankt-Peterburgda meýletinçiler 27 müňden gowrak gurlawugy we gurbagany ýoldan geçirdiler

Sankt-Peterburgda "Amfibiýalara ýol beriň!" kampaniýasy geçirildi, onuň dowamynda meýletinçiler möwsümleýin göçýän döwürlerinde 27 289 gurlawuga we gurbaga gatnawly awtoulag ýolundan geçmäge kömek etdiler. Bu......

28.05.2026 12:25
1.8k+

Aýwazowskiniň "Dokuzynjy gom" eseri ilkinji gezek doly restawrasiýadan geçiriler  

Iwan Aýwazowskiniň Rus muzeýiniň ýygyndysyndaky meşhur "Dokuzynjy gom" kartinasy ilkinji gezek doly restawrasiýa ediler diýip, muzeýiň metbugat gullugy habar berdi....

25.05.2026 17:12
6.7k+

Russiýaly paraalpinist Nabiýew Eweresti elleri bilen boýun egdiren dünýäde ilkinji adam boldy

Ufaly (RF) paraalpinist Rustam Nabiýew Ewereste diňe elleri bilen dyrmaşyp çykan dünýäde ilkinji adam boldy. Ol 20-nji maýda Nepal wagty bilen sagat 8:16-da çür depä ýetdi....