Apple iPhone-laryň önümçiligini azaldar

  • 19.08.2023 16:51
  • 11k+

«Apple» «iPhone 15» smartfonlaryny «iPhone 14-e» görä has az öndürer diýip, lenta.ru «9to5Mac» neşirine salgylanyp habar berýär.

Bellenilmegine görä, Amerikanyň IT ägirdi ýylyň ahyryna çenli 77 million sany «iPhone 15» smartfonyny çykarar. Ondan öň «Apple» azyndan 83 million nusgany ýerlemegi meýilleşdirýärdi. Şeýlelikde, korporasiýa smartfonlaryň önümçiligini azaltmaga mejbur bolar.
Smartfona islegiň peselmegi sebäpli enjamlaryň önümçiliginiň azaldylýandygy bellenilýär, çünki «iPhone 15 Pro» we «15 Pro Max» enjamlary 2022-nji ýylda çykan nusgalara garanyňda, has gymmat bolar. Bu täze prosessorlaryň, kameralaryň we beýleki gymmat gurluşlaryň ulanylmagy bilen baglanyşyklydyr.
Şeýle hem «Apple» kompaniýasy üpjün edijilerden ýeterlik mukdarda içki gurluşlaryň gelip gowuşmazlygyndan gorkýar. «Sony» sensorlarynyň, titandan ýasalan çarçuwalaryň we täze öň panelleriniň ýetmezçilik etmegine garaşylýar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...