Apple kompýuterlerinde «Face ID» ornaşdyrylar

  • 18.08.2023 17:14
  • 5.7k+

«Apple» korporasiýasy kompýuterlerine «Face ID» biometriki howpsuzlyk ulgamyny girizip biler diýip, lenta.ru habar berýär.

Mälim bolşyna görä, žurnalistler ABŞ-nyň Patent we söwda belgisi edarasynyň (USPTO) web sahypasynda peýda bolan «Apple-iň» täze patenti bilen tanyşdylar. Onda kompýuteri gurnalan «Face ID» ulgamy bilen açmak mümkinçiligi bolan kompýuter nusgasy barada beýan edilýär.
Korporasiýanyň inženerleri «Mac» kompýuterlerinde gulplamagyň täze usulynyň peýda bolmagyny ulanyjylaryň enjamlarynda gizlin maglumatlary saklaýandyklary we goraga mätäçdikleri bilen düşündirdiler. Şeýle hem hünärmenler jenaýatçylaryň paroly görmek ýa-da ýazmak arkaly şahsy maglumatlary ogurlap biljekdiklerini bellediler.
Resminamada «ýagtylyk şekillerini tanamak modulynyň» kompýuteriň ekranyna ýerleşdirilmegi üçin kiçijik bolmalydygy nygtalýar. Inženerler modulyň ýagtylyk detektoryndan we şöhlelendirijiden ybaratdygyny bellediler – ikinjisi infragyzyl şöhlelenmäni proýektirlär.
«Face ID» ulgamy 2017-nji ýyldan bäri «Apple» smartfonlarynda ulanylýar, displeýiň ekran bölüminde gurnalýar. 2021-nji ýylda kompaniýa «monogaşly», emma ýüzüň şekili esasynda gulpdan açmak aýratynlygy bolmadyk ilkinji kompýuterini çykardy.


16.06.2026 12:35
6k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

04.06.2026 23:16
5.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......

30.05.2026 11:28
1.5k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

20.05.2026 10:06
2.2k+

Disney ýüzi tanamak tehnologiýasy sebäpli köpçülikleýin şikaýat bilen ýüzbe-ýüz boldy

Disneyland we Disney California Adventure tematiki seýilgählerinde ýüzi tanamak ulgamynyň ulanylmagy sebäpli Disney kompaniýasynyň üstünden köpçülikleýin şikaýat arzasy berildi. Şikaýatçylar seýilgählere......