Stiwen King öz hekaýasyna bolan hukugy özbegistanly talyba 1 dollara satdy

  • 18.08.2023 16:42
  • 14k+

Amerikaly ýazyjy Stiwen King “Elini gysyşmadyk adam” atly hekaýasyna bolan hukugy Özbegistandaky WGIK-nyň filialynyň talyby Gulnara Iwanowa 1 dollara satdy we ol hekaýanyň esasynda film surata düşürdi. Bu barada režissýor RTVI teleýaýlymynda gürrüň berdi diýip, rbc.ru belleýär.

Iwanowanyň aýtmagyna görä, ol Kingiň dünýäniň dürli künjeklerinden ýaňy režissýorlyk işine başlanlara öz eserini ulanmaga rugsat berýän Dollar Baby programmasyna gatnaşdy.
Netijede, Iwanowanyň filmi Malaýziýada geçirilen Nitiin International Film Festival kino festiwalynda “Iň gowy triller” kategoriýasynda ýeňiji boldy. Kingiň eserinde eli degen her bir adamyň ölýändigi sebäpli, adamlar bilen el gysyşmakdan ýüz öwren Genri Brouer barada gürrüň berilýär.
Stiwen King öz eserleriniň birnäçesi üçin awtorlyk hukugyny 1 dollara satdy. Satyn alanlaryň arasynda aktýor Ben Stiller we režissýor Darren Aranofski hem bar.

düýn 20:25
5.1k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
6.2k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
4.9k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
2.1k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......